Altyn asyr bank karty Türkmenistanyň çäklerinde ulanmak üçin niýetlenip, häzirki wagtda müşderlerine aşakdaky görkezilen hyzmatlary hödürleýär:
- check_circleIslendik edara görnüşli taraplaryň işgärleriniň aýlyk haklaryny plastik kartlaryna geçirmek we bermek
- check_circleHyzmatlaryň dürli görnüşleri üçin ýa-da satyn alnan harytlar boýunça nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary geçirmek
- check_circleAlnan karz serişdeleriniň esasy bergisini we oňa hasaplanan göterimlerini bankomatlaryň we terminallaryň üsti bilen tölemek
- check_circleSMS hyzmaty arkaly bank kartynyň hasabyndaky hereketleri barada maglumat almak
- check_circleDegişli bankomatlardan nagt pul serişdesini almak
- check_circleTöleg terminallary arkaly öý we öýjükli aragatnaşyk TM CELL, CDMA, internet, IP-telewideniýe we saglyk ätiýaçlandyryş töleglerini nagt däl görnüşinde amala aşyrmak
- check_circleInternet hyzmatlarynyň mümkin bolan islendik ýerinden, kompýuter enjamlaryny ýa-da akylly telefonlary ulanmak bilen elektron bank kart-hasaby boýunça "Internet-Bank" hyzmatlaryndan peýdalanyp tiz we amatly nagt däl hasaplaşyklary geçirmek
notificationsBank kartyny ilkinji gezek eliňize alanyňyzdan soňra bankomatlarymyzdan hasabyňyzy barlamgyňyzy ýatdan çykarmaň!
Beýleki bank kartlary bilen hyzmatdaşlyk
Mundan başga-da, 2004-nji ýylda "Senagat" PTB-y we Russiýanyň dünýä belli öňde baryjy banklarynyň biri bolan "Promswýazbank" arasynda Mastercard we Maestro kartlaryny girizmek üçin şertnama baglaşyldy. Häzirki wagtda esasy bankda we onuň welaýat şahamçalarynda we myhmanhanalarda oňa gelýän daşary ýurt raýatlarynyň bu kartlary ulanmaklary üçin giň mümkinçilikler döredildi.
Gelejekde biziň bankymyz tarapyndan Mastercard, Maestro we Viza ýaly halkara kartlary nagt puly berýän ähli nokatlarda, şeýle hem Türkmenistanda giňden ýaýran söwda ulgamynda we daşary ýurtlarda kabul ediler.