Karz hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl
Ortaça aýlyk tölegiňiz: 0

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

17.07.2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 17-y (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda öňde duran
wezipeler hem-de şu ýylyň ikinji ýarymy üçin daşary syýasy işler, şeýle hem ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk bilen bagly
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň mejlisiň başynda belleýşi ýaly, öňde durýan şanly sene mynasybetli
medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralaryny geçirmek
meselelerini ara alyp maslahatlaşmak zerur bolup durýar. Baýramçylygyň öň ýanynda
meýilleşdirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi esasy wakalaryň biri
bolar.
Ýylyň ahyryna çenli öňümizde alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatymyz esasynda baky
Bitaraplygymyza esaslanýan ençeme halkara çäreler bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam
etdi. Şeýlelikde, awgust aýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw
duşuşygy, soňra bolsa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň
sammiti geçiriler. Bu çäre üçtaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam
berer. Bulardan başga-da, ýurdumyzda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji forumyny
hem-de Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 6-njy duşuşygyny geçirmek göz öňünde
tutulýar.
Baky Bitaraplygymyzyň şanly baýramçylygyna bagyşlanan çärelere ençeme döwlet
Baştutanlaryny, meşhur syýasatçylary we alymlary çagyrmak meýilleşdirildi.
Görnüşi ýaly, ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatyna degişli möhüm
meseleleriň we çäreleriň birnäçesini geçirmek bellenildi diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisiniň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler
ministri R.Meredowa söz berdi.
Wise-premýer, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýakynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň
Daşkent şäherinde saparda bolup, “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanyşygy. Şertler
we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahata gatnaşandygy, forumyň
öňüsyrasynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler
ministrleriniň duşuşygynyň bolandygy, onuň dowamynda sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli
ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada
hasabat berdi.
Wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilmegi göz
öňünde tutulýan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de
halkara forumlaryň çäklerinde guraljak ikitaraplaýyn duşuşyklara, sergilere, maslahatlara
görülýän taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumatlary berdi. Şol bir wagtda ikitaraplaýyn
duşuşyklaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow gözegçilik edýän
ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler,
şeýle hem “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-
ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.

Wise-premýer Hazaryň kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilen ykdysady forumyň ýokary
guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, degişli edaralar bilen bilelikde zerur bolan
taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny, bu ugurda ähli tagallalaryň edilýändigini belledi.
Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa 6-njy awgustda Türkmenistanyň
Prezidentiniň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa
döwletleriniň zenanlarynyň dialogyny ýokary derejede geçirmek boýunça degişli işleriň alnyp
barylýandygyny habar berdi. Bu çäräniň esasy maksady gender deňligini üpjün etmek boýunça
Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan durmuşa geçirilýän syýasata syn bermek hem-de sebitiň
döwletleriniň zenanlarynyň arasynda durmuş-ykdysady, saglygy goraýyş, medeni we ylmy
ugurlar boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen gepleşikleri ilerletmek bilen
bagly meselelere garamakdan ybaratdyr. Duşuşyga daşary ýurtlaryň wekilleriniň hem-de BMG-
niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň
gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Mejlisiň Başlygy forumyň maksatnamasy barada maglumat berdi. Myhmanlar üçin türkmen
amaly-haşam sungatynyň hem-de sebitiň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisi we «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagy boýunça gezelenç guralar.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory
M.Çakyýew 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna degişli 9620 inedördül metr meýdanda Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisi üçin gurnama işleri alnyp barylýar. Onda milli
pawilýonlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň pawilýonlaryny ýerleşdirmek
meýilleşdirilýär.
Hasabatyň çäklerinde foruma gatnaşyjylary hem-de daşary ýurtly myhmanlary aragatnaşyk we
ýokary tizlikli internet hyzmatlary, şeýle hem ulag serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça
taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow öňde boljak halkara çärelere görülýän
taýýarlyk işleri, şeýle hem halkara forumlaryň çäklerinde guraljak sergileriň ýokary guramaçylyk
derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi.
Guraljak çärelerde, sergilerde Türkmenistanyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň baý medeni-ruhy
mirasynyň, asyrlaryň dowamynda döredilen milli gymmatlyklaryň öz beýanyny tapmagy
ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde, ýörite işler geçirilýär we çäreleriň medeni
maksatnamasy taýýarlanylýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa 6-njy awgustda «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara çäreleriň maksatnamasy barada
hasabat berdi.
Meýilleşdirilen halkara çäreleriň düzüminde muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam
sungatynyň eserleriniň sergisini, Türkmenbaşy şäherindäki Ruhyýet köşgünde hem-de «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagyndaky deňiz suw çüwdürimli seýilgähde Türkmenistanyň hem-de

Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertini
geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara ähmiýetli çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, ugurdaş düzümler bilen
bilelikde, medeni maksatnamany taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Artistleriň
çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri,
halkymyzyň abadançylygy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösüşi öz
beýanyny tapar.
Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Diýarymyzyň
dürli künjeklerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň 34-siniň gurlup, ulanylmaga
berilmeginiň, ýene-de şu ýylyň dowamynda birnäçe desganyň gurluşygynyň tamamlanmagynyň
ýurdumyzyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini, munuň mähriban halkymyzyň yhlasly
zähmetiniň aýdyň netijesi bolup durýandygyny belledi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
meýilleşdirilen halkara çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Forumlaryň we onuň çäklerinde guraljak medeni-durmuş ähmiýetli çäreleriň geçiriljek ýerlerinde
degişli abadançylyk işleri alnyp barylýar. Bu künjekleriň ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet
berilýär. Ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirjek halkara
çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp
barylýar.
Soňra milli Liderimiz giňişleýin mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde Garaşsyz,
Bitarap Watanymyzda şanly senelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýändigini, mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe desgalaryň gurlup ulanylmaga berlendigini,
şeýle hem şu ýylyň dowamynda ýene-de köp sanly binalaryň gurluşygynyň tamamlanjakdygyny
aýdyp, täze desgalaryň halkymyz, ýurdumyz üçin ajaýyp baýramçylyk sowgatlaryna
öwrülýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, şol ýurtlaryň zenanlarynyň dialogynyň we olar bilen
bagly çäreleriň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini
belledi. Munuň özi Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ýerleşýän milli
syýahatçylyk zolagynyň halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezine öwrülýändiginiň aýdyň
subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz öňde boljak halkara çäreleriň sebitiň döwletara gatnaşyklarynyň hem-de
sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda jemi 6 sany möhüm halkara çäre geçiriler. Olar Merkezi Aziýanyň döwlet
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndan, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halkara sergisinden, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady
forumyndan, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisinden, sebitiň
ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertinden ybaratdyr. Olaryň ählisi
Türkmenistanyň Merkezi Aziýada halkara maslahatlaryň geçirilýän ýurdy hökmünde eýeleýän
ornunyň barha pugtalanýandygyny görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
halkara çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen, Guramaçylyk toparyny döretmek

barada karara gelendigini mälim etdi. Toparyň düzümine wise-premýer, daşary işler ministri
R.Meredow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary S.Berdimuhamedow, Ç.Amanow, Ç.Gylyjow, M.Mämmedowa,
M.Geldinyýazow, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň
baş direktory M.Çakyýew girdi. Milli Liderimiz wise-premýer, daşary işler ministrini
Guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy hökmünde belläp, oňa öňde boljak halkara çäreleriň ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtly myhmanlaryň türkmen
halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine we häzirki zaman talaplaryna laýyklykda
mynasyp garşylanylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Munuň üçin degişli
düzümleriň sazlaşykly işi ýola goýulmalydyr.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy atly birinji
forumy guramak meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmeginiň möhümdigini belledi.
Munuň özi Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we sebitde hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşandy bolar.
Ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde forumyň
maksatnamasynda görkezilen ähli çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin zerur tagallalar
edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz Balkan welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Berdimuhamedowa
ýüzlenip, öňde boljak çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça teklipleri hem-de Daşary işler
ministrligi bilen bilelikde ykdysady forumyň meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz öňde boljak halkara forumlaryň, şol sanda Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň sungatynyň ussatlarynyň çykyşlaryny, milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň
sergisini, sebitiň halklarynyň milli tagamlarynyň sergisini hem öz içine alýan forumlaryň
çäklerinde göz öňünde tutulan medeni çärelere ünsi çekip, olaryň ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow forumlara gatnaşyjylary ýokary tizlikli internet
we halkara aragatnaşyk ulgamy bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ünsi çekip, zerur çäreleri
görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda geçiriljek Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň önümleriniň sergisini ýokary derejede guramak babatda hem anyk görkezmeleri
berdi.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň howa menzilinde we serhet geçiriş
nokatlarynda wekiliýet agzalarynyň polimeraz zynjyrly reaksiýa barlagyny guramak, kesgitlenen
ýerlerde hereket edýän lukmançylyk nokatlarynyň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyny
ýola goýmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Mundan başga-da, hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara forumlaryň geçirilýän döwründe düzgün-
tertibi ýola goýmak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine ünsi çekip, degişli
ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ähli çäklerinde, myhmanhanalarda arassaçylyk,
abadançylyk çärelerine-de möhüm ähmiýet berilmelidir. Bagy-bossanlyga bürenen Awazanyň
ähli ýerlerinde ýokary ekologik ýagdaýyň saklanylmagy bilen baglanyşykly meseleler ünsden
düşürilmeli däldir.

Giňişleýin mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede
geçirmek boýunça Guramaçylyk toparyny döretmek hakyndaky Karara gol çekdi.
Milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebit we halkara ähmiýetli
çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülendigini nazara alyp, meýilleşdirilen halkara çäreleriň
ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola
goýulmalydygyny belledi. Munuň özi “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň
Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny dabaralandyrýan ýurdumyzyň
Merkezi Aziýa sebitinde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz taryhy
ähmiýetli halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynyň özüniň ýokary derejesine kybap gelmelidigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň möhüm
meselelere garalan giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp
barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz