Karz hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl
Ortaça aýlyk tölegiňiz: 0

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.07.2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 16-y (TDH).Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe
resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen,
Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Mejlisiň
Başlygy ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp
barylýan işler barada maglumat berdi.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berýän täze
kanunlar işlenip taýýarlanylýar, hereket edýän kanunçylyk namalaryna seljerme berilýär, olar
döwrüň talabyna görä hem-de milli we halkara tejribe göz öňünde tutulyp, degişli üýtgetmeler
we goşmaçalar girizilýär.
Halkara we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, şu aýyň dowamynda Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy hem-de BMG-niň
Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen
duşuşyklar geçirildi. Mejlisiň wekilleri dürli derejedäki halkara duşuşyklara we iş maslahatlaryna
gatnaşdylar.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak
boýunça wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30
ýyllygynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek boýunça köpçülikleýin habar
beriş serişdelerinde çykyşlar, ýörite gepleşikler guralýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak,
halkara giňişlikde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak hem-de başlangyçlarymyzy
ilerletmek boýunça Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine, türkmen halkynyň abadançylygynyň
ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ilkinji nobatdaky wezipeleri çözmek maksady bilen,
jemgyýetçilik guramalary bilen yzygiderli aragatnaşygy saklamagyň zerurdygyny nygtady.
Milli Liderimiz halkyň saýlan wekillerine jemgyýetçilik aňyýetini kemala getirmekde, ýokary
ruhy hem-de ahlak ýörelgelerini, şol sanda milli däp-dessurlary, maşgala gymmatlyklaryny
berkitmekde, ösüp gelýän ýaş nesli mynasyp şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmek
ýörelgelerini ösdürmekde aýratyn ornuň degişlidigini belledi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew alnyp barylýan
işler barada maglumat berdi.
Durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet maksatnamalaryna goldaw bermek, ýurdumyzyň
kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça öňde durýan wezipelere laýyklykda,
Halk Maslahatynyň agzalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we halkara hukugyň möhüm
ýörelgeleriniň esasynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça zerur işleri alyp barýarlar.
Kabul edilýän kanunçylyk namalaryny wagyz etmek, olaryň mazmunyny we ähmiýetini açyp
görkezmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça yzygiderli
çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy
durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga, durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga
gönükdirilen wezipeleri çözmekde Halk Maslahatynyň işiniň wajypdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu işler ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş düzümler, ýerli öz-
özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýerine ýetirilmelidir. Çünki
kabul edilýän kanunlar ilkinji nobatda adamlaryň abadançylygyny, ýurdumyzyň raýatlarynyň
durmuş derejesini gowulandyrmak, parahatçylykly we döredijilikli zähmetini üpjün etmek üçin
zerur şertleriň döredilmegini öz içine almalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ösüp barýan ýaş nesillerde watançylyk
duýgularyny terbiýelemek, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak babatda
alnyp barylýan işleriň aýratyn wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer
Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin
Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary tarapyndan
ykdysadyýetimize ýeňillikli karzlary çekmek boýunça halkara maliýe guramalary bilen netijeli
hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bütindünýä bankyndan “COVID-19-a garşy hereket etmek” taslamasy boýunça tizleşdirilen
tertipde 20 million amerikan dollary möçberinde karz serişdelerini çekmek bilen bagly işleriň
alnyp barylýandygy habar berildi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň Maliýe we
ykdysadyýet ministrligine Bütindünýä banky Toparynyň Halkara täzeleniş we ösüş banky bilen
karz ylalaşygyny hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen “Netijeleri bermek barada
Ylalaşygy” baglaşmaga ygtyýar bermek baradaky teklipler hem-de “COVID-19-a” garşy hereket
etmek” taslamasy boýunça Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna karz almak hakynda”
Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, dünýäniň ähli ýurtlary we esasy halkara düzümleri, şol sanda
abraýly maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary
syýasy strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Soňky ýyllarda Halkara Pul gaznasy,
Halkara täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky bilen özara
gatnaşyklaryň çäkleri ep-esli giňeldildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä ösüş bankynyň toparynyň
türkmen döwletiniň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
çäklerinde saglygy goraýyş, statistika, ulag ulgamlarynda, ýangyç-energetika toplumynda we
beýleki ugurlarda birnäçe taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigini nygtady. Döwlet
Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi.
Milli Liderimiz Halkara täzeleniş we ösüş bankyndan, Bütindünýä banky toparyndan alnan
serişdeleriň koronawirus ýokanjynyň öňüni almak üçin zerur bolan abzallary, derman
serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny, ýagny bu abzallar üçin reaktiwleri hem-de sanjym
etmek üçin şprisleri satyn almaga gönükdirilmelidigini, şunuň bilen birlikde, Saglygy goraýyş
we derman senagaty ministrliginiň bu babatdaky teklipleriniň öwrenilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň mundan beýläk hem
COVID-19-a garşy durmak, türkmenistanlylaryň saglygyny goramak maksady bilen ähli çäreleri
görjekdigini nygtady we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere şu resminamanyň takyk ýerine
ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Türkmenbaşydaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan
üçünji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak barada şertnamany baglaşmak
boýunça Kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu desgany 30 aýyň dowamynda gurmak we ulanmaga
doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistanyň
nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa
geçirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly
bilen ösdürmegiň, innowasiýa esasynda onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň, iri nebitgaz
taslamalaryna, şol sanda täze nebitgaz känlerini özleşdirmek hem-de uglewodorod çig malyny
düýpli gaýtadan işlemek ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň möhümdigini
nygtady.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna
çig nebiti ibermegiň möçberleriniň artdyrylmagyna, ýerlenilýän önümleriň bazarlarynyň
geriminiň giňeldilmegine, sebitiň örän iri nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynda öndürilýän
önümleriň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sarp edijilerine öz wagtynda iberilmeginiň
üpjün edilmegine ilkinji nobatda üns berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar
toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasynyň
taslamasyny düzmek we ony gurmak hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-
premýere iberdi hem-de bu desga bina edilende, ähli ekologik talaplarynyň berjaý edilmegini
üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer “Galkynyş” gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak
hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. “Türkmengaz” döwlet konserniniň bu gaz
känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň çäklerinde, Hytaý Halk
Respublikasynyň “CNPC Chuanqing Drilling Engineering Company Limited” kompaniýasy
bilen adaty gaz guýularyndan çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan üç gaz guýusynyň
gurluşygyny tamamlamak we olary ulanmaga bermek hakynda şertnama baglaşylar. Şertnama
boýunça hasaplaşyklary HHR-e tebigy gazy ibermegiň hasabyna amala aşyrmak
meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz ulgamyna ekologiýa talaplaryny
hasaba almak bilen, öňdebaryjy tejribäni hem-de ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak
meselelerine aýratyn üns berýändigini hem-de beýleki döwletler hem-de öňdebaryjy daşary ýurt
kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk
Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklaryň üýtgewsiz dostlukly hem-de oňyn häsiýetini
kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky
hyzmatdaşlyk dürli ulgamlarda kuwwatly mümkinçiliklere eýedir, olaryň amala aşyrylmagy diňe
bir iki tarapyň syýasy we ykdysady bähbitlerine däl-de, tutuş sebitiň abadançylygynyň hem-de
ösüşiniň maksatlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak
ýörelgelerinde guralýan köpugurly hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek bilen, HHR-e energetika
ulgamynda hem özüniň strategik hyzmatdaşy hökmünde garaýar, bu ugurda bilelikdäki işiň baý
tejribesi toplanyldy.
Hytaýyň işewürler toparynyň wekilleri ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maýa goýum
taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistan — Hytaý gaz
geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistanyň çägindäki örän iri “Galkynyş” gaz känini toplumlaýyn
özleşdirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygy ahyrky
anyk netijä ýetilmegine gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň alamaty bolup
durýar. Häzirki wagtda ýokarda agzalan gaz geçirijisi türkmen “mawy ýangyjynyň” uzak
möhletleýin esasda Hytaýa iberilmegini üpjün edýär.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň maý aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin
bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginiň, şeýle hem ýakynda Türkmenistana resmi sapar bilen
gelen HHR-iň daşary işler ministri Wan I bilen bolan duşuşygyň dowamynda gazanylan
ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” gaz käninde gaz
guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly
wise-premýere iberdi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk
meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzki bugdaý ekişine görülýän taýýarlyk işleri,
şol sanda geljek ýylyň hasyly üçin zerur ýerleri we tohumlary taýýarlamak ugrunda
ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2022-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny
öndürmek hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ak ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, sürümli
ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işleriň
ýurdumyzyň gallaçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikleriň girewidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz meýdan işleriniň agrotehniki kadalara laýyk, bellenilen möhletlerde we
ýokary hilli geçirilmegine möhüm üns berilmelidigini nygtady. Milli Liderimiz oba hojalygyna
ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň işjeň
ornaşdyrylmagynyň we obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň gözbaşy bolan
ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oba hojalygynda
durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň, kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn
goldaw berilmeginiň netijesinde ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde oňyn ösüşler
gazanyldy. Bu bolsa adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň dabaralandyrylýan
ýylynda oba zähmetkeşleri galla taýýarlamak boýunça döwlet öňündäki şertnamalaýyn
borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirip, ýokary netijeleri gazandylar.
Döwlet Baştutanymyz ekerançylary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamagyň
wajypdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda 2022-nji ýylda
bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-
premýere iberdi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432
MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny işe girizmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat
berdi.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp açylmagy
meýilleşdirilýän bu desganyň gurluşygyny “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy alyp
barýar. Desgada Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power Ltd.” kompaniýasynyň öndürýän
gazturbina enjamlary oturdyldy.
Wise-premýer häzirki wagta çenli desgada her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan gaz
turbinalarynyň 3-siniň oturdylandygyny, kömekçi binalaryň ulanyşa taýýar edilendigini habar
berdi. Stansiýanyň çäklerindäki açyk paýlaýjy gurluş öndüriljek elektrik energiýasyny geçirmek
üçin umumy energoulgama birikdirildi. Häzir esasy enjamlarda işe goýberiş sazlaýyş işleri alnyp
barylýar.
Bu gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilmeginiň ýurdumyzyň energoulgamynyň
bellenen kuwwatlylygyny artdyrmaga, Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik
üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistan
Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna hem-de Eýran Yslam Respublikasyna
iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer Gyrgyz Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer nobatdaky kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň
hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamalarynyň
birine öwrüljekdigini aýtdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen durnukly hem-de
bökdençsiz üpjün etmek, onuň daşary bazarlara iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen,
ýurdumyzyň elektroenergetika senagatynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça geçirilýän
giň gerimli işleriň örän wajypdygyny nygtady.
Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak
we pugtalandyrmak, täze döwrebap energiýa ulgamlaryny döretmek, ýokary hünärli
hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreleriň görülýändigi bellenildi.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar
üçin Konsepsiýasynyň çäklerinde geçirilýän maksadalaýyk işler elektrik energetikasynyň
kuwwatlyklaryny artdyrmaga, dünýäniň energiýa ulgamyna goşulmaga we ýurdumyz bilen uzak
möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýän goňşy döwletlere iberilýän
elektrik energiýasynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün etmek üçin ähli şertleriň
döredilmegine kuwwatly itergi berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektrik energetikasy pudagynyň
düzümini giňeltmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň bellenen meýilnamalaryň, ýurdumyzy durmuş-
ykdysady taýdan ösdürmek maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönüden-göni
täsir edýändigini belläp, desgada alnyp barylýan işleriň barşyna, onuň bellenen möhletinde
ulanylmaga berilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary
berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş
direktory M.Çakyýew bu ulgamda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän oňyn syýasatyndan ugur alyp, ýolagçy gatnatmagyň we ýük
daşamagyň möçberlerini, hilini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine
ýetirmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda
Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen Halkara
howa menzili açyldy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kadalaşdyryjy hukuk
namalarynyň esasynda ugurdaş düzümler bilen bilelikde taýýarlanylan ýerli ýolagçy
gatnawlaryny amala aşyrmak üçin nyrhlary kesgitlemek hakynda Kararyň taslamasy
hödürlenildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmegiň, onuň düzümlerini,
şol sanda raýat awiasiýasyny toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmagyň Türkmenistanyň döwlet
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.
Häzir ýurdumyz sebit we yklym ähmiýetli wajyp üstaşyr ulag hem-de logistika merkezi
hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Muňa Diýarymyzyň Ýewraziýa yklymynyň möhüm
çatrygynda ýerleşmegi we bu ugurdaky ägirt uly mümkinçilikleri ýardam edýär.
Şol bir wagtyň özünde awiahyzmatlary kämilleşdirmek, içerki uçuşlar boýunça ýolagçy
gatnatmagy işjeňleşdirmek we onuň ugruny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler
durmuşa geçirilýär. Kerkiniň täze Halkara howa menzili bu ugurda bar bolan wezipeleriň
üstünlikli çözülmegine ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow belledi.
Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly
agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we bu babatda oňa anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Dokma senagaty ministrliginiň käbir
kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Wise-premýer Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda 60 kärhananyň bardygyny, olaryň
16-synyň paýdarlar jemgyýeti görnüşinde hereket edýändigini habar berdi. “Türkmenistanda
2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek
boýunça strategiýa” laýyklykda, döwlet kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini
üýtgetmek arkaly paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, hususy maýa goýujylary çekmek boýunça
birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy.
Marynyň dokma fabriginiň önümçilik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak, öndürilýän önümleriň
görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň hem-de

Türkmengala pagta egirme fabriginiň gatnaşmagynda ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine
öwürmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasyny Dokma senagaty ministrliginiň we
“Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň paýly gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar
jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli
ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda dokma senagatynda durnukly ösüş
gazanylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Bu toplumlaýyn çäreler bazar gatnaşyklaryna
tapgyrlaýyn esasda geçirilmegini, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullarynyň
ornaşdyrylmagyny we desgalaryň hususylaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, olary paýdarlar
jemgyýetine öwürmek, ykdysadyýetimiziň düzümlerinde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak
hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen zerur
çäreler görülmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk
görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň mukaddes
Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň we medeni-
durmuş maksatly binalaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi babatda alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Şanly senelerimiz mynasybetli döredijilik duşuşyklaryny, bäsleşikleri, wagyz-
nesihat çärelerini, onlaýn maslahatlary, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz
öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak
ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda
geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, türkmen we daşary ýurt
kompozitorlarynyň eserleriniň konserti geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we jemgyýetçilik aňyny
kemala getirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde medeniýetiň ähmiýetini belläp,
bu ulgamyň işini işjeňleşdirmegiň, täze zehinleri gözlemegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mähriban halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny, dünýä medeniýetine
goşan goşandyny, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmäge
gönükdirilen medeni çäreleri geçirmek bilen bagly meseleler barada durup geçip, wise-premýere
olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Taryhy senä —
ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara taýýarlyk
görmek boýunça anyk görkezmeler berildi. Milli Liderimiz baýramçylyk çäreleriniň her birinde
türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlarynyň, agzybirliginiň hem-de Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow bilim ulgamyny
kämilleşdirmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet
syýasaty netijesinde bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, döwrebap ýokary
okuw mekdepleri gurlup, hünärmenleri taýýarlamagyň milli ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär.
“Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet
maksatnamasyna” hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň
Meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň işi kämilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde öň hereket edýän fakultetleri we
kafedralary döwrebaplaşdyrmak hem-de täzelerini döretmek maksada laýyk hasaplanylýar.
Döwlet maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň
pudaklarynyň sanly ykdysadyýet, maglumat tehnologiýalary, programma üpjünçiligi,
kiberhowpsuzlyk ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri ulgamlaýyn esasda taýýarlamagyň
netijeliligi tapgyrlaýyn ýokarlandyrylýar.
Talyp ýaşlaryň döwrebap bilimleri we ylymlary özleşdirip, geljekde döredijilikli zähmetlerini,
ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologik ylmy-barlaglaryny
ykdysadyýetimiziň binýadyny pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirmekleri üçin
maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýaşlara hemmetaraplaýyn döwrebap bilim bermek üçin,
häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary, täzeçil tejribeler, öňdebaryjy usullar okuw işinde
giňden ulanylýar.
Beýan edilenler bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna ýurdumyzyň
ýokary okuw mekdeplerinde täze kafedralary, fakultetleri, hünärleri açmak üçin,
Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar
girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda Kararyň taslamasyny
hödürledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary bilimli, giň gözýetimli
hem-de başarnykly ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň örän wajypdygyny nygtady. Ýaşlara
hemmetaraplaýyn goldaw bermek, olaryň doly derejeli bilim almagy, döredijilik hem-de ylmy
kuwwatdan netijeli peýdalanmagy üçin ähli şertleri döretmek boýunça zerur çäreler görülmelidir.
Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere
iberip, resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi hem-de ýokary bilim
ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary
Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriniň ýagdaýy, harby we hukuk
goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň okuw-terbiýeçilik, usulyýet ulgamyny
kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň ähli derejelerini döwrebap
elektron-maglumat binýady bilen üpjün etmek, sanly tehnologiýalary giňden ulanmak, bilimiň
ähli ugurlaryny baýlaşdyrmak we dünýä derejesine çykarmak üçin okatmagyň sanly bilim
ulgamy ornaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, ylmyň ýokary gazananlaryny we okatmagyň täzeçil
usullaryny ulanmak arkaly bilimiň usulyýeti kämilleşdirilýär, her bir harby talybyň ylma, bilime
höwesi artdyrylýar. Geljekki serkerdeleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine uly üns
berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, harby düzümleriň
ýokary derejeli işgärler bilen üpjünçiligini berkitmek, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak

meseleleriniň tutuşlygyna goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň möhüm ugurlarynyň
biridigini belledi. Munuň üçin ýaş harby gullukçylar öz ykbalyny Watan goragy bilen
baglanyşdyrmalydyr. Harby bilimiň başlangyç, orta we ýokary derejeleri geçilmelidir. Bu gün
harby mekdeplerden, harby düzümleriň ýokary okuw mekdeplerinden, Harby akademiýadan
ybarat bolan döwrebap bilim ulgamy döredildi we olaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli
berkidilýär.
Häzirki döwürde innowasiýa, ylym we tehnologiýa, şol sanda harby-tehniki ulgam okgunly
ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw
mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmegi, usulyýet ulgamyna täze tejribeleri
ornaşdyrmagy, Interneti we elektron kitaphanany ulanmagy has-da giňeltmegi dowam etmegiň
zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz harby talyplary we ýaş serkerdeleri harby-
watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň wajypdygy barada aýdyp, olaryň Watanymyzyň
taryhynda öçmejek yz goýan türkmen halkynyň beýik gahrymançylykly ýoluny mynasyp dowam
etmelidiklerini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak,
olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň
üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna
ýüzlenip, ýurdumyzda şu ýylyň 20-nji iýulyndan mukaddes Gurban baýramynyň
başlanýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol
çekdi. Resminama laýyklykda, bu mukaddes baýram üç günläp, ýagny 20 — 22-nji iýulda
bellenilip geçiler.
Milli Liderimiz bu mübärek baýramy ýokary derejede bellemek üçin ähli ýolbaşçylara, aýratyn-
da, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna hemme gulluklarda goşmaça nobatçylygy ýola
goýmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, şu gün ençeme meselelere garalandygyny hem-de
pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň kabul edilendigini belledi.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň
ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Biziň hyzmatlarymyz